Cts. Tem 20th, 2019

Gurbanguly Berdimuhamedow

7 min read

Gurbanguly Berdimuhamedow

Hormatly Prezidentimiz Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, harby-taktiki okuwlar yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady, onuň üpjünçiligi kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge, goşunlaryň dürli kysymlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Bularyň ählisi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şol özgertmeleriň netijeliligi bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkidýär.

Geçirilýän harby okuw-türgenleşik işleri milli goşunymyzyň şahsy düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamaga gönükdirildi.

…Irden milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň bölümleriniň biriniň çägine geldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, serhet galalarynyň we birikmeleriniň täze desgalarynyň gurluşygyna kuwwatly itergi berildi. Şunda harby gullugy ýokary derejede alyp barmak, harby gullukçylaryň gowy dynç almagy hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli oňaýly şertler döredilýär.

Harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, dünýädäki öňdebaryjy harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmeklerine, şeýle hem harby düzümlerde ulanylýan atlary hem-de itleri degişli derejede ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy merkezi girelgede ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şahsy düzümleriň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň merkezi binasyna bardy. Soňra milli Liderimiz harby bölümiň ýöriş meýdançasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde harby nyzama düzülen esgerler we serkerdeler bilen salamlaşdy.

Harby bölümiň nyzam meýdançasynda harby gullukçylar bilen bir hatarda IIM-de möhüm orun eýeleýän alabaý itleriniň, şeýle hem atly düzümleriň bardygyny bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, esgerleriň alabaýlar we ahalteke bedewleri bilen geçirýän tälimleriniň ýokary netijelere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Atly esgerleriň we bedewleriň söweşjeň lybasda bolmagy Watanymyzyň asudalygynyň we tertip-düzgüniň goragynda sak durýan harby gullukçylaryň mukaddes borja wepaly gulluk etjekdiklerini alamatlandyrýan ýagdaýa öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň gadymy däpleriniň dowamy bolup durýar. Edermen harby gullukçylar ajaýyp bedewlerde örän syratly görünýärler we tertip-düzgüni hem-de jemgyýetiň howpsuzlygyny goramakda nusga görkezýärler. Içeri işler ministrliginiň ulgamynda ýörite öwredilen alabaý itleri hem gözleg we gorag işinde özlerini gowy görkezdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy esgerleriň ýatýan otagyna baryp gördi, bu ýerde esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz esgerleriň gündelik durmuşda ulanýan serişdeleri, olaryň hil derejesi we aýratynlyklary, lukmançylyk hyzmaty bilen içgin gyzyklandy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okuw otagynyň, dellekhananyň we beýleki otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde serkerdeleriň we esgerleriň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Harby bölümiň naharhanasynda taýýarlanýan tagamlaryň hili we görnüşleriniň bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini, ol ýerde ekologiýa taýdan arassa önümleriň taýýarlanýandygyny aýratyn bellemeli.

Harby gullukçylar bu ýerde boş wagtlary döredijilik we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem ýaş esgerler döwlet Baştutanymyzyň sözlerine, Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Rowaç» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň okgunly öňe gitmegini alamatlandyrýan, milli buýsanjymyz bolan bedewe bagyşlanan bu aýdym mähriban Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Bu bölümiň şäherçesiniň düzüminde Medeniýet öýi bar. Onda medeni-köpçülik çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, dürli maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur serişdeler bar. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk gullugynyň otaglary ýerleşýär. Olar dürli lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary hilli hödürlemäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, harby bölümiň ösen halkara ülňülere laýyk gelýän sport meýdançasy bolup, onda esgerleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýöriteleşdirilen türgenleşik meýdançasynyň synlaýyş münberine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylarynyň taktiki taýýarlygy babatdaky ussatlygyny synlady.

Bu ýerde görkezilen harby-taktiki türgenleşikleri ata Watanymyzyň goragynda sak durýan, asudalygyň goragçylarynyň söweşjeň ukybyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň söweşjeň ýaraglarynyň ýokary derejeli kämilliginiň, türkmen ýigitleriniň tehnikalaryň we ýaraglaryň islendik görnüşine başarjaňlyk bilen erk edip bilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýaş esgerleriň harby we söweşjeň taýýarlygy dürli görnüşdäki çäreleriň degişli okuw sapaklarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Harby gullukçylaryň söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekleri ugrunda yzygiderli okuwlar geçirilýär. Şeýle hem harby gullukçylaryň serkerdeler bilen bilelikde harby-taktiki okuw-söweşjeň çärelerine gatnaşmagy olaryň söweşjeň ukyplaryny ýokarlandyrýar we esgerleriň gymmatly tejribe toplamaklaryny şertlendirýär.

Şeýle hem bu ýerde Goragçy atly itiň başarnygy görkezilýär. Bu köpegi 2016-njy ýylyň martynda ýurdumyzyň serhetçileri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde gowşurdylar. Şu döwürde bu it bilen gullugyň harby gullukçylary degişli türgenleşik işlerini alyp bardylar. Häzirki döwürde Goragçy gullugyň hereketleri boýunça degişli tälimi doly özleşdirip, örän düşbüligi we berlen buýrugy göwnejaý ýerine ýetirmegi bilen tapawutlanýar.

Ýaşlaryň arasynda harby gullugy geçmek, olaryň söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygy, söweşjeň taýýarlygyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlary bilen utgaşykly alnyp barylmagy, ýaş gullukçylaryň harby gullukda has tapawutlananlarynyň degişli derejede höweslendirilýändigi baradaky wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň Watan öňündäki harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge netijeli çemeleşmegini şertlendirýär.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän harby-tälim beriş taktiki okuwlary harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň söweşjeň taýýarlygynyň we söweşjeň wezipeleri netijeli çözmek ukybynyň kämilleşmegini üpjün edýär. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň öz üstlerine ýüklenen jogapkärçilikli we mukaddes borja abraý bilen hötde gelmeklerine giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň ýaýlaryň dürli görnüşlerinden atmak babatda mergenlik görkezmegi, şeýle hem ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň degişli derejede enjamlaşdyrylan meýdançada hereketdäki nyşanalara söweşjeň atyşygyny geçirýän pursatlary has-da täsirli boldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz söweşjeň ýaragdan nyşana ok atyp, mergenlik ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ok atmak bilen ýetginjeklik ýyllarynda meşgullanyp, bu ugurda belent derejelere ýetdi. Munuň özi her bir ugur boýunça hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goýlan nyşanalary dürs urup bilmegi bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow esgerlere we serkerdelere jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden harby bölümiň awtoulaglar saklanýan ýerine geldi.

0Shares

Bir cevap yazın

Atahun

Name

Copyright © All rights reserved. | Newsphere by AF themes.
Flag Counter